BIZNES

Owganystan Özbegistandan elektrik energiýany almagy dowam etdirer

Owganystan bilen Özbegistanyň arasynda elektrik energiýaysny satyn almak babatdaky şertnamanyň möhleti 2024-nji ýyl üçin hem bir ýyllygyna uzadyldy. Bu barada Owganystanyň iri elektrik energetika kompaniýasy bolan “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy habar berýär.

“Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasynyň baş müdirili Mohammad Hanif Hamza we onuň ýolbaşçylygyndaky tehniki topar Özbegistanda saparda boldy. Şol saparyň barşynda şertnama gol çekildi.

Owgan wekiliýeti Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow hem-de Milli elektrik kompaniýasynyň baş müdiri Dadažan Isakulow bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar elektrik energiýanyň möçberini artdyrmak, tarifleri alzatmak, owgan tehniki işgäreler berilýän wiza amallaryny ýeňilleşdirmek babatda pikir alyşdylar.

Özbek tarapy Owganystandan nebit we kömür almaga gyzyklanma bildirýändiklerini hem belläp geçdiler.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar