BIZNES

Türkmenistan bilen Owganystan energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan” ugurly elektrik energetika taslamasynyň halkara müdirliginiň başlygy Myrat Artykowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) elektrik energetika kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Myrat Artykow bilen Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» (DABS) energetika kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammed Hanif Hamzanyň arasynda Kabul şäherinde geçirilen gepleşiklerde Hyrat şäherindäki “Nur ul-Jihad” kiçi bekedini döwrebaplaşdyrmak taslamasyny çaltlaşdyrmak boýunça resminama gol çekildi. Bu barada «DABS-yň» metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar 5 gün dowam eden duşuşyklaryň barşynda bu taslama boýunça taraplaryň zerurlyklary göz öňünde tutulyp, zerur bolan enjamlaryň üpjün edilmegi we iş ýagdaýyny çaltlandyrmak barada pikir alyşdylar.

Owgan tarapy Türkmenistanyň wekiliýetine minnetdarlyk bildirip, “Nur ul-Jihad” kiçi bekedini döwrebaplaşdyrmak taslamasynyň möhümdigini belledi.

Türkmenistandan iberilýän elektrik energiýasynyň “Nur ul-Jihad” kiçi bekedine getirilmegi ýurduň demirgazyk-günbatar sebitiniň elektirk togy bilen üpjünçiligi babatda möhüm ähmiýete eýedir.

“Nur ul-Jihad” kiçi bekedini döwrebaplaşdyrmak taslamasy we 500 kW elektrik geçiriji taslmasynyň gurluşygy tamamlanandan soňra Türkmenistandan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberi 110 megawatta barabar bolar.

Bu taslamanyň bahasy 3,2 million dollar bolup, ol Türkmenistandna tarapyndan amala aşyrylyp, “DA Breshna Sherkat” kompaniýasy tarapyndna maliýeleşdiriler.

Ýene-de okaň

Garlyk kaliý toplumyny ösdürmek üçin german kompaniýalaryň konsorsiumy dörediler

Ata Watan Eserleri

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda «Liebherr» kompaniýasynyň hyzmat merkezini döretmek teklip edildi

Türkmenistanda täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly gurlar

Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçisiniň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna iş sapary

Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisi 2 ýylda gurlar

Türkmenistanyň Maýa goýumy forumy boýunça brifing görnüşli halkara maslahaty geçiriler