MEDENIÝET

Türkmenistan Gyrgyzystandaky halkara teatr festiwalyna gatnaşýar

7 — 12-nji dekabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň halk ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwaly geçirilýär. Bu halkara festiwala türkmen artistleri hem gatnaşýar.

Halkara festiwala gatnaşýan ýurdumyzyň wekiliýetiniň arasynda bu festiwala eminlik etjek teatr artisti hem bar. Has takygy, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowa gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara teatr festiwalyna emin agzasy bolup gatnaşýar. Gülälek Akmyradowa festiwalyň dowamynda oňa gatnaşýan ýurtlaryň teatr toparlary tarapyndan görkeziljek sahna eserlerine baha berýär.

«Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwalynda Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary Çingiz Aýtmatowyň eseri esasynda, Perhat Hudaýberenowyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan «Ak gämi» atly sahna eseri bilen çykyş eder.

Belläp geçsek, şu ýylyň 1 — 4-nji noýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwaly geçirilipdi. Bu festiwala ýurdumyzyň adyndan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama-teatrynyň döredijilik topary gatnaşyp «Söýgi we hasrat» atly sahna eseri bilen gatnaşypdy. Bu halkara festiwalyň alty adamdan ybarat bolan eminler toparynyň arasynda Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowa hem bar. Bu bolsa teatr artistleriniň zehinine halkara derejesinde goýulýan uly hormatdan nyşan bolup durýar.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy