JEMGYÝET

Germaniýada türkmen-german işewürler maslahaty geçiriler

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň guramagynda 2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Berlin şäherinde ýerleşýän «Humboldt Carre Berlin» kongresler merkeziniň mejlisler zalynda türkmen-german işewürler maslahaty geçiriler. Bu maslahata Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we beýleki döwlet edaralarynyň wekilleri hem-de ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşar.

Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyljak bu işewürler maslahatynda,   söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşindäki oňyn netijeler seljeriler.

Türkmen ykdysadyýeti oňyn pikirler we teklipler, jogapkärli, ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Şu nukdaýnazardan Berlin şäherinde geçiljek  türkmen-german işewürler maslahaty uzak möhletli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Narine Saakýan we Jalpa Ratna Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi