BIZNES

Hytaý we Merkezi Aziýa “ýaşyl” tehnologiýa boýunça hyzmatdaşlyk eder

Hytaý we Merkezi Aziýa döwletleri ekologiýa, oba hojalygy we bioköpdürlülik ulgamlarynda “ýaşyl” tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň hereket meýilnamasyny tassykladylar. Bu barada “Sinhua” habarlar gullugy habar berýär.

Hytaýda geçirilýän «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Merkezi Aziýada ýaşyl tehnologiýalary ösdürmek boýunça hereket meýilnamasy boýunça ýokary derejeli forum geçirildi.

Hytaýyň ylymlar akademiýasy, Milli ösüş we özgertmeler komissiýasy we Sinszýan-Uýgur awtonom obladty bilen Merkezi Aziýa döwletleri bilelikde hyzmatdaşlyk maksatnamasyny yglan etdiler.

Taraplar howanyň üýtgemegi, ekologik betbagtçylyklar ýaly meseleleri çözmek babatda täzeçil nou-haulary ulanmak, oba hojalygynda we azyk howpsuzlygynda suw tygşytlaýjy usullardan peýdalanmak, suw serişdelerini durnukly ulanmak we bioköpdürlüligi goramak babatda hyzmatdaşlyk edýär.

Hereket meýilnamasyna laýyklykda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry Merkezi Aziýada suwuň, azyk we energiýa ekosistemasynyň durnukly ösüşi, Aral deňziniň sebitinde ekologiki dikeldiş we suw, biologiki we ýer baýlyklaryndan durnukly peýdalanmak babatda degişli işler ýola goýlar.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar