“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody Günorta Koreýanyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd. (KSIT)” kompaniýasy bilen 6100 tonna ýük göterijilik kuwwaty bolan 2 sany gury ýük gämisini bilelikde gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada taraplaryň arasynda degişli şertnama gol çekildi.
“orient.tm” neşiriniň habar bermegine görä, gämi gurluşyklarynyň resminamasy Koreýa Respublikasynyň Deňiz enjamlarynyň assosiasiýasy hem-de KSIT kompaniýasynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde ylalaşdyldy.
2 sany gur ýük gämisini gurmak babatda 2023-nji ýylyň 31-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti degili Karara gol çekipdi.
Bu şertnamanyň çäklerinde ýokary hünärli koreý inženerleri “Balkan” zawodynyň hünärmenlerine koreý gämigurluşyk tehnologiýalary barada okuw geçer. Şeýle hem zawodda döwrebap menejment hil ulgamy durmuşa oirnaşdyrylar.
Taslama işleri gämigurluşygynda kabul edilen daşky gurşawy goramak hem-de ýokary howpsuzlyk ülňülerine ýalyklykda, amala aşyrylar. Koreý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň deňiz infrastrukturasyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berer.
Günorta Koreýanyň “Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd. (KSIT)” kompaniýasy dürli görnüşdäki we ululykdaky gämileriň taslamalaşdyrylmagy, gurluşygy we abatlanmagy babatda ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň biridir.
