BIZNES

BAE kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanýar

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow «Azizi Developments» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Jawed Ludin bilen duşuşdy.

J.Ludin kompaniýanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki we daşary ýurtlardaky işleri hem-de esasy taslamalary barada maglumat berdi. Ol «Azizi Developments» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanýandygyny beýan etdi.

Ilçi B.Baýramow Türkmenistanyň abraýly halkara kompaniýalar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyga açykdygyny nygtady, şähergurluşyk we energiýa hyzmatdaşlygy babatynda ýurdumyzyň yzygiderli artýan mümkinçiliklerine ünsi çekdi.

Related posts

«Parahat-7» ýaşaýyş toplumy: 20 sany ýaşaýyş jaýy gurlar

Ata Watan Eserleri

Birža täzelikleri: daşary ýurtly telekeçiler dokma önümlerini satyn aldy

Awtoulagy ulgamy: Açylyş dabarasy

Ata Watan Eserleri