BIZNES

Nebitgaz forumynda täze şertnamalara gol çekildi

Şu günlerde Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2022» Halkara forumynyň çäklerinde penşenbe güni türkmen hem-de halkara hyzmatdaşlary bilen şertnamalara gol çekildi.

Hususan-da, «Türkmennebit» döwlet konserni önümi ibermek boýunça Shandong kerui petroleum hytaý kompaniýasy bilen şertnama baglanyşdy. Bu kompaniýa nebiti çykarmaklygy işjeňleşdirmeklige we energiýanyň täze çeşmelerini işläp taýýarlamaklyga ýöriteleşen utgaşdyrylan çözgütleri we hyzmatlary hödürlemek bilen meşgullanýar.

«Türkmennebit» DK we Dragon Oil (Dubaýyň Hökümetine degişli) kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen kenarynda Blok 19-da 3D seýsmiki işleri geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler.

«Türkmengaz» döwlet konserni önümleri ibermek boýunça «Turba metallurgiýa kompaniýasy» rus kompaniýasy we Auguste International Fze (BAE) kompaniýasy bilen şertnama baglanyşdy.

Russiýaly hyzmatdaşlar bilen şertnama gol çekmek çäresi ýüzbe-ýüz görnüşde geçirildi, arap hyzmatdaşlar bilen onlaýn görnüşde gol çekildi.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» Halkara forumy şu gün tamamlandy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi geçiriler

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi