BIZNES

Hytaýyň halkara ösüş we hyzmatdaşlyk agentligi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Hytaýyň halkara ösüş we hyzmatdaşlyk agentliginiň başlygynyň orunbasary Den Botsin bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda köp ugurlar boýunça türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň okgunly ösüşi bellenip geçildi.

Taraplar halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurdaky, şol sanda, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlaryndaky işjeň gatnaşyklaryny bellediler.

Söhbetdeşler nebitgaz, şeýle-de bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça taslamalaryň çäginde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşi babatynda pikir alyşdylar.

Related posts

Ýanwar-sentýabr: makroykdysady görkezijiler

Her ýyl iri taslamalara 10 milliard dollar gönükdirilýär

“Türkmen Energetika-2023” halkara sergisi we maslahaty geçiriler