BIZNES

Owganystan TOPH taslamasy üçin ähli tagallalary eder

Owganystanyň Kabul şäherinde “TAPI Pipeline Company Ltd” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow bilen Owganystanyň dag magdan we nebit senagaty ministriniň wezipesine ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen gepleşikler geçirildi. Bu barada Owganystanyň Dag magdan we nebit senagaty ministrligi habar berýär.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi taslamasynyň ýolbaşçysy taslamany ilerletmek boýunça soňky amala aşyrylan işler barada maglumat berdi. Taraplar taslama işlerini başlamak boýunça pikir alyşdylar.

Delawar Owganystanda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge gyzyklanmany beýan edip, “Biz bu taslamanyň çäklerindäki işleri başlamagy meýilleşdirýäris, taslamany durmuşa geçirmek üçin zerur bolan şertler, şol san-da ygtybarly howpsuzlygy göz öňünde tutuldy we Islam Emirligi bu taslamany durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary eder” – diýip belledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar TOPH taslamasynyň ähmiýetini belläp, geljekde-de hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler.

Duşuşyga her iki ýurduň wekiliýetleri hem gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy