BIZNES

Türkmenistan Katardaky «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu sergi Kataryň paýtagty Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda «Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat» diýen şygar bilen geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, milli pawilýonyň daşky we içki bezegi boýunça hödürlenýän taslamalar hem-de onuň şygary barada habar berildi. Mundan başga-da, myhmanlara we bütindünýä sergisine gelýänlere görkeziljek ekspozisiýalar, geçiriljek tanyşdyryş çäreleri barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň howandarlygynda geçirilýän EKSPO sergi meýdançalarynda öz mümkinçiliklerini üstünlikli görkezýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň sergi bölümi Watanymyzyň täsin tebigatyny, baý haýwanat we ösümlik dünýäsini, ekologiýa meselelerini çözmekde gazanýan üstünliklerini aýdyňlyk bilen görkezmelidir. Türkmen pawilýonynyň bezeginde milli äheňleri we öňdebaryjy tehnologiýalary sazlaşykly utgaşdyrmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de wise-premýere öňümizdäki bütindünýä sergisine göwnejaý taýýarlyk görmek üçin zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Related posts

Ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň üpjün edilmeginiň Maksatnamasy tassyklandy

“Tatneft” kompaniýasyndan dürli harytlary satyn almak bäsleşigi

Ata Watan Eserleri

Ýedidogan : Kraft sumkalarynyň aýratynlyklary

vepa