BIZNESIŞ ORUNLARY & TENDERLER

Täze awtomobil köprüsi üçin bäsleşik

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň buýurmagynda Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesi bilen «Täze zaman» ýaşaýyş toplumyna barýan awtomobil ýolunyň kesişýän ýerinde täze awtomobil köprüsiniň taslamasyny taýýarlamak we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabryna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag ýük daşamasy başlandy

Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanda täze tebigy gaz akymy alyndy

Türkmenistanda täze gury ýük gämileri gurlar

Türkmenistanda milli el halyçylyk ulgamy ösdüriler

«Türkmengaz» döwlet konserni zerur bolan tehniki enjamlary satyn alar