BIZNESIŞ ORUNLARY & TENDERLER

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry üçin bäsleşik

Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti we Arkadag şäheriniň häkimligi bilelikde, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmaly şu binalaryň taslamalaryny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär.

— Ýangyna garşy göreş gullugynyň binasynyň;

— Muzeýiň;

— Saglyk seýilgähiniň;

— Arkadag şäherine barýan ýollaryň;

— Akhan şaýolunyň durkuny täzelemegiň;

— Gurbansoltan eje şaýolunyň durkuny täzelemegiň (Babarap — Akgoňur);

— Söwda we hyzmat ediş toplumynyň (bazar).

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Arkadag şäheriniň Arkadag şaýolunyň 30-njy jaýynda ýerleşýän Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binasynda 2023-nji ýylyň 23-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312 52-55-71.

E-mail: adk sanly.tm

 

Related posts

 «Demirýollary»  açyk gömüşli paýdarlar jemgyýetinden bildiriş

Halkara bäsleşik: halkara maslahat beriş edarasyny saýlap almak

Türkmen gazyndan ammiak we metanol öndüriler

Leave a Comment