BIZNES

Germaniýada Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri geçiriler

Şu ýylyň 26-29-njy iýuny aralygynda Germaniýada Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri geçiriler. German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bu çärelere gatnaşmak üçin Dýusseldorf şäherine gelerler.

Iki ýurduň ministrlikleriniň, pudakl edaralarynyň hem-de hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýet günleriniň çäklerinde nebithimiýa, gurluşyk we dokma senagaty toplumyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar.

Çäräniň çäklerindäki esasy tanyşdyryş işleri 27-nji iýunda Dýusseldorf işewürler klubynda geçiriler.

Türkmenistanyň wekiliýet düzüminde söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow, dokma senagaty ministriniň orunbasary Atamyrat Ataýew, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew, şeýle hem beýleki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri bar.

Mundan başga-da, wekiliýetiň düzümine ýurdumyzyň işewür düzümleriniň wekilleri – “Ak-Bulut”, “Mizemez”, “Parahat”, “Ýörite Geýimler”, “Galkynan Ykbal”, “Geljege Rowan”, “Daýanç Plastik”, “Batly Gadam”, “Berk Gerden”, “Altyn Nal”, “Uly Ýelken” ýaly gurluşyk materiallary, miweli suwlar, senagat, plastika, nah ýüplük we jorap önümçiligi we logistika ýaly ugurlarda iş alyp barýan hususy telekeçilik düzümleri girdi.

 

Ýene-de okaň

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär