DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawty, instruktor, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady.

Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz oňa berk jan saglyk, uzak ömür we maşgala abadançylygyny, adamzadyň ösüşine gönükdirilen hünär işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawty, instruktor, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkony doglan güni mynasybetli gutlady.

Pursatdan peýdalanyp, Halk Maslahatynyň Başlygy oňa tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür we bagtyýarlyk, älem giňişligini özleşdirmek işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Related posts

Türki Döwletleriň Guramasy täze baýdagyny kabul etdi

Türkmenistan Owganystan boýunça dialogy işjeň goldaýar

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ýük gatnawy

Leave a Comment