Meşhur amerikan suratkeşi Eými Eriksonyň 10 günlük Türkmenistan sapary ajaýyp surat eserleriniň sergisi bilen tamamlandy. Amerikaly suratkeş Eými Erikson gözel Diýarymyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabatda bolan döwründe Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň gatnaşmagynda tejribe okuw sapaklaryny geçirdi.
Daşary ýurtly myhman amerikan-türkmen medeni alyş-çalyş maksatnamasynyň çäginde ýokary mekdebiniň talyplary üçin surat çekmegiň inçe syrlary boýunça öwrediji we ussatlyk sapaklaryny geçirdi. Şonuň netijesinde, mugallymlaryň hem-de 20-den gowrak talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Eými Eriksonyň goşandy bilen 100-den gowrak surat eseri döredildi.

Şol surat eserleriniň sergisi şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler zalynda görkezildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary, ABŞ-nyň ilçisiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Waýda Widugiris, diplomatik wekilhanalaryň işgärleri we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan sergisinde edilen çykyşlarda türkmen-amerikan medeni hyzmatdaşlygyň giň gerimde ösdürilýändigi bellenildi. Şonuň netijesinde, amerikaly suratkeşiň Türkmenistana saparynyň gurnalandygy mälim edildi.

Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan meşhur amerikan suratkeşi Eými Eriksona türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewiniň heýkeli sowgat edildi. Şeýle hem ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna amerikan halkynyň sungatyna bagyşlanan kitap sowgat berildi.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy öz gezeginde amerikaly suratkeşe minnetdarlyk bildirip, minnetdarlygyň nyşany hökmünde şahadatnama gowşurdy.

– Amerikaly meşhur suratkeş Türkmenistana gelip, hususan-da, biziň çeperçilik akademiýamyzda myhman boldy. Şol döwürde Eými Erikson bilen bilelikde 20-den gowrak talyp hem-de 4 mugallym tebigata çykyp, gysga wagtyň içinde köp sanly surat eserlerini döretdik. Eými ýagly reňkler bilen surat çekmek usulynda işleýär. Şeýle hem ol “plein air” usuly, ýagny surat studiýasyndan daşary çykyp, açyk howada surat çekmek ugry boýunça ökde suratkeşleriň biridir.

Şol açyk howada, tebigatda surat eserleriniň döredilýän pursatlarynda özara tejribeler paýlaşdyk. Eýminiň açyk howadaky surat çekmek boýunça inçe syrlaryny daşyndan synlap, öwrenip özümize siňdirdik. 4 günüň dowamynda 100-den gowrak eser döredildi.
Bu türkmen-amerikan medeni alyş-çalyş maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen okuw tejribe sapaklarynyň dowamynda paýtagtymyz Aşgabatdaky “Ylham” seýilgähinde, “Aşgabat” söwda-dynç alyş merkeziniň töweregindäki seýilgäh zolaklarynda bolup, ajaýyp eserler döredildi – diýip, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Nakgaşçylyk kafedrasynyň mugallymy Gahryman Goçmyradow “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň habarçysyna beren gürrüňinde belläp geçdi.

Dürli halkara festiwallara gatnaşyp, ýeňiji bolan Eými Erikson Kanadada, Italiýada, Meksikada we Russiýada ussatlyk sapaklaryny beripdir. Suratkeşiň Türkmenistana ilkinji gezek gelşi, ol indi uly gyzyklanma bilen türkmen medeniýeti we şekillendiriş sungaty bilen tanyşdy.
Eými Erikson serginiň çäklerinde geçirilen dabarada eden çykyşynda Türkmenistanyň özünde ýakymly ýatlamalar galdyrandygyny belläp, “Siz hemişe meniň kalkymda baky galdyňyz” diýip, ýürek joşgunyny beýän etdi.
