SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Ýartygulak we onuň dostlary” atly çagalar kitaby neşir edildi

BMG-niň ÝUNISEF edarasy bilen Türkmenistanyň  Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilelikde Türkmenistanyň iň ýaş halkyna çagalykdan sagdyn endikleri ösdürmäge kömek etmek üçin “Ýartygulak we onuň dostlary” atly çagalar kitabyny neşir etdi. Bu barada ÝUNISEF edarasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Meşhur milli gahryman Ýartygulak we onuň dostlary interaktiw oýunlar, reňkleýji suratlar we krosswordlar arkaly çagalary sagdyn durmuş ýörelgesine alyp barýarlar. Şadyýan, reňkli we gyzykly kitap esasan 4-10 ýaş aralygyndaky çagalar üçin döredildi, ýöne her kim kiçijik gahrymanyň we dostlarynyň gymmatly maslahatlaryndan peýdalanyp biler.

Türkmen we rus dillerinde mugt çap edilip bilinjek göçürmäni ýükläp almak üçin ÝUNISEF Türkmenistan web sahypasyna girmegiňizi haýyş edýäris.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar