JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýa bardy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna bardy.

Döwlet Baştutanymyz saparyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça, Sian şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşar.

Şeýle-de bu gezekki iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy meýilleşdirildi. Nobatdaky ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Olar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirer.

Related posts

Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde täze ýolbaşçylar bellenildi

Balkan welaýatynyň baş metjidi açyldy

Ata Watan Eserleri

Modern facility for production of glassware is opened in Ahal Velayat

vepa

Leave a Comment