DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Daşkentde iş saparynda boldular

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Bütindünýä Söwda guramasynyň «Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek barada Ylalaşygy» esasynda döredilen Merkezi Aziýada Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça milli Komitetleriň agzalarynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde iş saparynda boldular. Bu barada gümrük gullugynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan gurnalan bu duşuşykda milli Komitetleriň agzalary Söwda amallaryny ýeňilleşdirmekde ýetilen sepgitler barada hem-de geljekde ýerine ýetirilmegi üçin meýilleşdirilen işler, şol sanda söwda amallarynda sanly ulgamlary ulanmak arkaly ýönekeýleşdirmek we ýeňilleşdirmek boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşyldylar.

Çärede Bütindünýä Söwda merkeziniň wekilleri tarapyndan Türkmenistanda gurnalan Söwda portalynyň işi boýunça mahabatlandyrma bilen çykyş etdi.

Saparyň çäginde Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşmesiniň (IRU) hünärmeniniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň işgärleriniň gatnaşmagynda, Özbegistan bilen Gazagystan Respublikasynyň serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerinde ýerleşýän «Ýallama» gümrük nokadyna baryp, ol ýerde işiň guralyşy gümrük nokadynda bar bolan enjamlar, maglumat tehnologiýalarynda peýdalanylyşy bilen ýakyndan tanyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana ynsanperwer kömegine iberdi

Türkmenistanyň Ilçisi Ýuji Beleza we Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi