BILIM

Türkmen döwlet Ykdysadyýet we dolandyryş instituty:“Açyk Gapylar 2023”

Türkmen döwlet ykdysadyýet we  dolandyryş instituty “Açyk gapylar” gününi yglan edýär. “Mugallymlar gazetinde” çap edilen bildirişe görä,Türkmen döwlet Ykdysadyýet we  dolandyryş instituty 2023—2024-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlaryny, okuw merkezleriniň diňleýjilerini, harby bölümleriň esgerlerini, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary şu ýylyň 11—12-nji maýynda sagat 15:00-da geçirilýän «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek barada alyp barýan syýasatynyň institutymyzda durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheriniň 1972 (Atatürk) köçesiniň 73-nji jaýy.

Telefon belgileri: 48-62-31; 48-62-33; 48-62-29.

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda  bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk instituty:“Açyk Gapylar 2023”

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy