BIZNESTEHNOLOGIÝA

Dünýäniň iň gymmat awtomobil belgisi satyldy

Dünýäniň iň gymmat awtoulag belgisi “P7” Dubaý şäherinde geçirilen auksionda satyldy. Ol “Tesla Model X Plaid” awtoulagyna ýerleşdirilip, onuň bahasy 15 million dollara deň boldy.

“P7” dünýädäkiň iň gymmat awtoulag belgisi bolup, Dubaýda aprel aýynda satyldy. ŞEýle hem gymmat bahaly belgi seýrek duş gelýän awtoulaga ýerleşdirildi.

“Tesla Model X Plaid” awtoulagy BAE-de 125 müň dollara deň boldy. Şeýlelikde, onuň belgisi awtoulagyň bahasyndan 120 esse gymat boldy,

“Plaid” görnüşli ulag “Tesla” kysymly elektrikli awtoulaglaryň iň kuwwatlysydyr. Onuň kuwwaty 1020 at güýjüne deňdir.

Mundan ozal, “1” belgili awtoulag belgisi 2008-nji ýylda Abu-Dabi şährinde 14.5 million dollara satylypdy.

Related posts

Lebap eyaletınde 17 Projenin ihale ilanı

vepa

Russiýanyň işewür toparlary yzygiderli Türkmenistana gelerler

“Panasonic” täze gulaklygyny tanyşdyrar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment