BILIM

Russiýa türkmen talyplary üçin kwota sanyny artdyryp biler

Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda Russiýa Federasiýasynyň ýokary we orta hünär mekdeplerinde bilim almak isleýänleriň sanynyň köpdügi mälim edildi. Russiýanyň Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary Ýuliýa Zaýsewa öňümizdäki okuw ýyly boýunça Türkmenistanyň raýatlary üçin Russiýanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin 250 býujet ornunyň berlendigini mälim etdi.

“TASS” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu 250 orun üçin Türkmenistandan 2 müňden gowrak dalaşgäriň ýüz tutandygyny mälim eden Ýuliýa Zaýsewa: “2023-2024-nji okuw ýyly üçin Türkmenistana 250 orun berildi. munuň üçin 2006 ýüz tutma kabul edildi. Şeýlelikde, ýüz tutmalaryň sany kesgitlenen orun sanyndan 8 esse köp boldy” diýip, belledi.

Dalaşgärler uzak aralykdan test synaglaryny tabşyrarlar we gürrüňdeşlik geçiriler. Şonuň netijesinde, reýting düzüler. Şolaryň esasynda rus ýokary okuw mekdeplerine girjekler boýunça çözgüt kabul ediler.

Zaýsewa Türkmenistandan gyzyklanmanyň köpdügi nazarda tutulyp, şu ýyl üçin orun sanyny 500-e çenli artdyrmak üçin ýüz tutandyklaryny belledi. Şol bir wagtda Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem Russiýa Federasiýasynyň Bilim we ylym ministrligine şeýle teklip bilen ýüz tutdy.

Bu orunlar tükrmen raýatlarynyň Russiýanyň orta hünär, ýokary okuw mekdepleri we goşmaça hünär bilim edaralarynda bilim almak üçin göz öňünde tutulýar.

Esasy üns lukmançylyk we döredijilik taýýarlyk ugurlaryna berilýär. Üstümizdäki ýylda ilkinji gezek Russiýanyň Ulag ministrliginiň ugry boýunça täze hünär ugurlary goşuldy.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezi döredildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

TOHU-da «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi?» atly açyk sapak geçirildi

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular