SIZDEN GELENLER

Milli Bahar baýramynyň terbiýeçilik ähmiýeti

Bu baýramçylygyň köp asyrlardan bäri adamzadyň ýaşaýyş medeniýetini, durmuşa we tebigata bolan söýgüli garaýyşyny alamatlandyrýan sene hökmünde dünýä döwletleriniň ençemesinde baýram edilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hem milli häsiýetde toýlanylýan Milli Bahar baýramy-Halkara Nowruz güni giň gerimde şatlyk, şowhuna, baý mazmunly däp-dessurlara beslenýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Gahryman Arkadagymyzyň açan ak ýollarynda, hormatly Prezidentimiziň  saýasynda uly guramaçylykly, ruhubelent häsiýetli baýramçylygyň şowhuny belentliklere göterilýär.

Bu baýramçylyk biziň ählimiziň durmuşymyzda, ajaýyp ýaşaýyşymyzda, hemişelik bahary ýatladýan ýaz ýaly gözel ýurdumyzda has täsirliligi, ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar.

Nowruz baýramçylygy ýaş nesilleri milli ruhda, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesine laýyklykda terbiýelemekde hem ýokary ähmiýetli bolup durýar. Bu senäniň baýramçylyk pursatlary çagalaryň watansöýüjilik duýgularyny ösdürmekde, tebigy gymmatlyklarymyza we gözel tebigatymyza hormatly garaýyşlaryny berkitmekde, milli däplerimiz bilen tanyşmaklaryny gazanmakda  netijelidir.

Şeýle-de ýaz ýakymly şahdaz pursatlarda, ajaýyp çagda bagtyýar çagalar milli oýunlarymyz bilen meşgullanyp sagdynlykda, çeýelikde, ezberlikde taplanmaga hem mümkinçilik alýarlar.

Tebigatyň täsin görnüşleri bagtyýar körpelerde ýakymly duýgulary döredip türkmen ýaýlasyna, tebigy gözelliklerine bolan garaýyşlary hem çuňlaşdyrýar. Munuň özi nesillere ekologiýa babatdaky terbiýäni bermekde hem ähmiýetlidir.

Ýeri gelende bellesek, bu baýramçylygyň toýlanylýan günlerinde bag ekmek möwsümi hem toý ruhy bilen utgaşýar. Bu hem Nowruz täsiri bilen sazlaşyp ýaşlaryň tebigata aýawly garama, “ýaşyş dünýä” goşant goşmaga çagyrýar. Şeýlelikde ýurdumyzyň geljegi hasaplanylýan bagtyýar nesilleriň tebigat ugurly düşünjeleri berkäp, zähmete bolan höwesleri hem artýar.

Hormatly  Prezidentimiz hem: «Merdana pederlerimiz Nowruzda berjaý edilýän däpleriň we ynançlaryň üsti bilen, nesilleri Watana wepalylyk, tebigata we durmuşa söýgi, ynsanperwerlik ruhunda terbiýeläpdirler, ýaşlaryň kalbynda ýagşy gylyk häsiýetleri, halal zähmet çekmek endiklerini kemala getiripdirler» diýip, bu baýramçylygyň türkmeniň köp asyrlyk terbiýeçilik ulgamynda hem uly orna eýedigini belleýär.

Şoňa görä-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem giň gerimde baýram edilýän ajaýyp senäniň Nowruz toýunyň pursatlary arkaly ýaş nesillerimizi milli ýörelgelerimize, türkmeniň döwletlik ýoluna mahsus derejede terbiýelemek biziň çagalar bilen alyp barýan terbiýeçilik-, okuw-usulyýet işlerimiziň hem içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem şatlyk-şowhuna ulaşyp toýlanylýan şu şanly sene bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, milli mertebeli milletimizi tüýs ýürekden gutlaýarys.

Bu toýly pursatlarda bagtyýar çagalarymyzyň-terbiýeli nesillerimiziň hem köňül joşguny belende galyp, şadyýan gülki sesleri toý owazalaryna goşulyp baýramçylyk bagtyýarlygyny has-da artdyrýar.

Goý, baharlary baky baýram, toý bolup gelen Diýarymyzda toýlarymyz-toýlara ulaşsyn!

Ženet Dawronowa,

Sakarçäge etrabyndaky 14-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti