MEDENIÝET

ABŞ-da Magtymguly Pyragynyň edebiýat agşamy

ABŞ-nyň Siettl şäheriniň “Şorlaýn Komýuniti” kollejinde Gündogaryň beýik akyldary hem-de nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan edebiýat agşamy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Ilçihanasy tarapyndan guralyp, oňa ABŞ-nyň Waşington ştatynyň “Şorlaýn Komýuniti” we “Kaskadia” kollejlerinde bilim alýan talyp ýaşlar, professor-mugallymlar hem-de ABŞ-da ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bu çärede türkmen talyp ýaşlary türkmen we iňlis dillerinde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň watançylyk, agzybirlik hem-de parahatçylyk baradaky giň dünýägaraýyşly pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary we goşgylary barada prezentasiýalar bilen çykyş etdiler. Soňra çärä gatnaşyjylar özlerinde döreýän gyzyklanmalary, hususan-da, Magtymgulynyň eserleriniň ýaşlary watançylyk duýgusynda terbiýelemekde wajyplygy barada sorag-jogap arkaly pikir alyşdylar.

Edebiýat agşamyna gatnaşanlar parahatçylygy we agzybirligi wasp eden, milli  gymmatlyklary wagyz eden Magtymguly Pyraga bagyşlanan bu çäräniň ähmiýetine ýokary baha berdiler.

Related posts

“Bagtyýar çagalyk” halkara bäsleşigi jemlener

Türkmen talyby Gazagystanda “Iň gowy zenan keşbi” üçin baýraga mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigi geçiriler

Leave a Comment