DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri gazak kärdeşi bilen duşuşdy

“С5+1” formatynda Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleginiň duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşdy.

Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, diplomatlar iki ýurduň arasyndaky söwda, ulag, logistika we energetika pudaklaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen ýokary derejelerde gazanylan şertnamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Duşuşykda sebitleýin we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada giňişleýin pikir alyşma geçirildi. Halkara arenasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakda gyzyklanma bildirildi.

Related posts

Türkmenistan BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna gatnaşdy

Emeli aň geňeşçisi bolan ilkinji syýasy lider

Türkmenistan ŞHG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Leave a Comment