DÜNÝÄ

BAE-niň kompaniýasy Türkmenistanyň gämi gurluşygyna maýa goýar

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň edara binasynda Birleşen Arap Emirliginiň “AD Ports Group” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada agentligiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Duşuşykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen “AD Ports Group” kompaniýasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde porty dolandyrmak, logistikany ösdürmek we deňiz ulagy pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle-de ýurdumyzyň ulag pudagyna sanly ulgamy ornaşdyrmak ýaly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem kompaniýanyň taýýar gämilerini Hazar deňzine getirmek we täze gämileriň gurluşygyna maýa goýum goýmagy teklip berildi. Mundan başga-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Konteýner terminalyny uzak möhletleýin şertlerde “AD Ports Group” kompaniýasyna Ynançly dolandyryşa bermegiň mümkinçilikleri babatda pikir alyşyldy. Agzalan hyzmatdaşlyklaryň ugurlary babatda kompaniýanyň ýolbaşçysy tarapyndan türkmen tarapy bilen bilelikdäki kärhananyň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar deňiz ulag pudagynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda deňiz ulaglarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek babatda tagallalaryň ediljekdigi barada nygtalyp geçildi.

Ýene-de okaň

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi