BILIM

Täze karar : pandemiýa döwründäki daşary ýurt diplomyny ykrar etmek

Türkmenstanyň Bilim ministriniň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda çykaran 80 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijä üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada Buýruk kabul edildi. Türkmenistanyň Bilim ministriniň  2023-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda çykaran 20 belgili buýrugy bilen esasan hem pandemiýa döwründe daşary ýurt döwletlerinde okaýan talyplarymyzy gyzyklandyrýar.

Täze girizilen  üýtgetme bilen Resminamalary ykrar etmek üçin bildirilýän talaplara goşmaça bent  goşuldy. Täze bentde şeýle diýilýär, ýagny  Resminamalaryň eýeleriniň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň (tebigy betbagtçylyk, epidemiýa, pandemiýa we beýleki şuňa meňzeş ýagdaýlar) ýüze çykmagy sebäpli daşary ýurt döwletiniň hünär bilimi edarasy tarapyndan kabul edilen bilim maksatnamalaryny elektron okuwlar we uzak aralykly bilim tehnologiýalary arkaly durmuşa geçirmegi dowam etmek barada namasy bolmalydygyny bellenilýär.

Gözükdirijiniň Daşary ýurt döwletleriniň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri tarapyndan berlen Resminamalary ykrar etmek boýunça Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň amala aşyrýan işleriniň arasyna daşary ýurt döwletiniň hünär bilim edarasyna okuwa girip, adatdan daşary ýagdaý sebäpli elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly dowam edip alnan Resminamanyň eýesiniň elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak boýunça sowatlylygyny barlamak bendi goşuldy.

Daşary ýurt döwletiniň ýokary we orta hünär okuw mekdebi tarapyndan berlen Resminamany Türkmenistanyň çäginde ykrar etmek işini geçirmek üçin zerur resminamalaryň sanawyna Resminamanyň eýesiniň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň (tebigy betbagtçylyk, epidemiýa, pandemiýa we beýleki şuňa meňzeş ýagdaýlar) ýüze çykmagy sebäpli daşary ýurt döwletiniň hünär bilimi edarasy tarapyndan kabul edilen bilim maksatnamalaryny elektron okuwlar we uzak aralykly bilim tehnologiýalary arkaly durmuşa geçirmegi dowam etmek barada namasy goşuldy.

 

Täze kabul edilen Buýrugy dolulygyna Size ýetirýäris.

 

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Türkiýede bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

 

Diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetleriň sanawy-2023

Diplom ykrar etmek: Gerekli resminamalaryň sanawy

 

Türkmenistanyň Bilim ministriniň

2023-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda çykaran 20 belgili

B U Ý R U G Y

Türkmenstanyň Bilim ministriniň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda çykaran 80 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijä üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda

2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda kabul edilen “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda çykaran 388-nji karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Prezidentiniň üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýän hem-de güýjüni ýitiren diýip ykrar edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Sanawyna laýyklykda, buýurýaryn:

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 13-nji aprelinde 1212 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan “Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda çykaran 80 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijide:

1) bäşinji böleginde:

a) 1-nji bendiniň “b” kiçi bendiniň ikinji tesiminde “QS World University Rankings” diýen sözlerden soň “, “Три миссии университета” diýen sözleri goşmaly;

b) 3-nji bendiniň ikinji tesiminde “gelmelidir.” diýen sözi “gelmelidir;” diýen söz bilen çalşyrmaly;

ç) 3-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

“4) Resminamalaryň eýeleriniň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň (tebigy betbagtçylyk, epidemiýa, pandemiýa we beýleki şuňa meňzeş ýagdaýlar) ýüze çykmagy sebäpli daşary ýurt döwletiniň hünär bilimi edarasy tarapyndan kabul edilen bilim maksatnamalaryny elektron okuwlar we uzak aralykly bilim tehnologiýalary arkaly durmuşa geçirmegi dowam etmek barada namasy bolmalydyr.”;

2) altynjy böleginde:

a) 3-nji bendiniň “b” kiçi bendinde “Resminamalaryna.” diýen sözi “Resminamalaryna;” diýen söz bilen çalşyrmaly;

b) 3-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

“4) 4-nji bendinde görkezilen talaplar aşakdakylara degişli däldir:

a) Türkmenistanyň hökümetara, pudagara halkara şertnamalaryna laýyklykda okuwa iberilen adamlara berlen Resminamalara;

b) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarynyň çözgüdi esasynda ykrar edilýän Resminamalara.”;

3) dokuzynjy böleginiň 9-njy bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

“91) daşary ýurt döwletiniň hünär bilim edarasyna okuwa girip, adatdan daşary ýagdaý sebäpli elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak arkaly dowam edip alnan Resminamanyň eýesiniň elektron okuwy we uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanmak boýunça sowatlylygyny barlamak;”;

4) on birinji böleginde:

a) 9-njy bendinde “maglumat.” diýen sözi “maglumat;” diýen söz bilen çalşyrmaly;

b) 9-njy bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

“10) Resminamanyň eýesiniň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň (tebigy betbagtçylyk, epidemiýa, pandemiýa we beýleki şuňa meňzeş ýagdaýlar) ýüze çykmagy sebäpli daşary ýurt döwletiniň hünär bilimi edarasy tarapyndan kabul edilen bilim maksatnamalaryny elektron okuwlar we uzak aralykly bilim tehnologiýalary arkaly durmuşa geçirmegi dowam etmek barada namasy.”.

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew gözegçilik etmeli.

 

Ministr                                                                  G.Ataýewa

 

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2023-nji ýylyň 1-nji fewralynda 1685 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy