SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýolagçy otly peteklerini täzelenen mobil goşundydan satyn alyň!

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçy otly gatnawlaryna petekleri onlaýn satyn almak üçin täzelenen mobil goşundysyny hödürleýär. Goşmaçalar girizilen we üsti ýetirilen täze mobil goşundysyny «Play Market» mobil goşundylar platformasyndan, şeýle hem railway.gov.tm web-saýtynyň üsti bilen ykjam telefonlaryňyza ýükläp alyp bilersiňiz.

Android ulgamlary üçin niýetlenen täze mobil goşundysy ýolagçy otly peteklerini onlaýn görnüşde satyn almak üçin amatly we üsti ýetirilen mümkinçilikleri hödürleýär. Täzelenen «Railway» mobil goşundysy iň täze we köne Android ulgamly enjamlarda ýeňil işleýändigi bilen tapawutlanýar. Onuň kömegi bilen ýolagçy otly peteklerini oturan ýeriňizde amatly we tiz usulda onlaýn satyn alyp bilersiňiz.

Ýakyn wagtda mobil goşundysynyň iOS ulgamly maglumat enjamlary üçin niýetlenen täze görnüşi hem işe giriziler.

Mobil goşundysy arkaly ýolagçy otly gatnawlaryna petekleri onlaýn usulda 15 gün öňünden satyn alyp boljakdygy mälim edilýär.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler