DÜNÝÄ

Abdel Fattah Al Sisi: netijeli müsür-türkmen hyzmatdaşlygyny ösdüreris

Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al Sisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Täze ýyl üçin gutlag hatyny iberdi. Müsüriň Prezidenti gutlag hatynda bilelikdäki tagallalar bilen netijeli müsür-türkmen hyzmatdaşlygyny iki tarapyň bähbidine has-da pugtalandyrmagy maksat edinýändigini belläp geçdi.

Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.

Täze ýylyň dünýäniň ähli halklaryna rowaçlyk getirmegini arzuw edýärin. Täze ýylyň ähli adamzat üçin sazlaşykly ýaşamagyň, ösüşe ýetmekde hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleriň ýyly boljakdygyna umyt edýärin. Şeýle hem pursatdan peýdalanyp, bilelikdäki tagallalarymyz bilen netijeli müsür-türkmen hyzmatdaşlygyny iki tarapyň bähbidine has-da pugtalandyrmagy maksat edinýändigimi bellemek isleýärin.

Jenap Prezident, Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw edýärin!

Related posts

Mawy bägül ýetişdirildi

vepa

Peläniň ejesi 101 ýaşynda aradan çykdy

Prezident Baýden prezident saýlawlary üçin ses berdi

Leave a Comment