1-nji fewraldan “Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkmenistanyň raýatlary üçin halkara gatnawlaryň awiabiletlerini 30 göterim arzanladýar. “orient.tm” neşiriniň habaryna görä, bu gatnawlar Aşgabat-Dubaý, Aşgabat-Kazan, Aşgabat-Moskwa we Aşgabat-Stambul ugurlarydyr.
Bu awiabiletler onlaýn görnüşinde satyn alnan halatynda biletleriň bahasynyň arzanladyşy 30,97 göterime deň bolar. Biletleri kassalardan nagt satyn alnandan ol 2,5 göterim gymmat bolar.
Ugur Onlaýn Kassa
Aşgabat-Dubaý 3893.00 manat 3988.00 manat
Aşgabat-Kazan 4887.99 manat 5007.00 manat
Aşgabat-Moskwa 4911.00 manat 5033.00 manat
Aşgabat-Stambul 4878.00 manat 4998.00 manat
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň habar bermegine görä, ýanwar-fewral aýlary boýunça Moskwa-Aşgabat we Kazan-Aşgabat ugurlary babatda onlaýn biletler satyn almak mümkinçiligi bar.
Ozal habar berşimiz ýaly, «Türkmenistan» awiakompaniýasy ýakynda Dubaý, Kazan, Moskwa, Stambul, Frankfurt şäherlerine amala aşyrylýan uçar gatnawlaryna petekleriň bahalaryny ortaça 2,5 göterim arzanlatdy.