BIZNES

Amerikan işewürleriniň Türkmenistana gyzyklanmasy artýar

Amerikanyň iri kompaniýalarynyň wekiliýetleriniň Türkmenistana sapara gelmegi meýilleşdirilýär. Bu barada “Trend” habarlar gullugyna “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart habar berdi.

– Koronawirus pandemiýasy sebäpli ählumumy çäklendirmeler sebäpli Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygyna täsirini ýetirdi. Indi pandemiýanyň çynlakaý mesele bolmakdan çykandygy üçin Amerikanyň kompaniýalarynyň Türkmenistana saparlary göz öňünde tutulýar – diýip, Stýuart belledi.

Amerikan kompaniýalary Türkmenistan bilen oba hojalygy, energetika, maliýe, howpsuzlyk, syýahatçylyk we önümçilik ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär.

Golaýda Aşgabatda türkmen-amerikan işewürler maslahaty geçirildi. Şol maslahatyň çäklerinde hem köp sanly hyzmatdaşlyk ugurlary kesgitlendi. 

Stýuart iki ýurduň arasynda söwda we maýa goýum babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, munuň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga itergi berjekdigini belledi.
Şeýle hem Stýuart ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýokary derejede saklap galmak bilen, söwdany ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardyklaryny mälim etdi.

Related posts

“Rysgal” bankynyň müşderileriniň sany 132 müňden geçdi

Türkmenistan daşary ýurtly ulaglaryna serhetlerini açýar

Ata Watan Eserleri

Garaboğazkarbamid Tesisine Ödüller Verildi

vepa

Leave a Comment