SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Awaza :ýörite wiza tertibini işläp düzmek we girizmek meseleleri öwreniler

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ykdysady we maliýe mümkinçiliklerini artdyrmak, migrasiýa, gümrük ugurlarynyň gurallaryny kämilleşdirmek maksady bilen, bu ýerde halkara kadalara laýyklykda ýörite wiza tertibini işläp düzmek we girizmek meselelerini öwrenmek baradaky başlangyç hem öňe sürüldi. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde geçiren maslahatynda bellenip geçildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, Hazaryň özboluşly tebigy şertlerini syýahatçylygyň ösdürilmegine gönükdirmek we türkmen topragynyň bu täsin künjeginiň ekologik abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler barada maslahat geçirdi. Oňa Milli Geňeşiň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjan bilen Gazagystan bilelikdäki syýahatçylyk kompaniýasyny döretdi

Gülşat Bakyýewa: Syýahatçylykda azerbaýjanlylaryň tejribesinden peýdalanmak isleýäris

Özbegistan 3 aýda 2,8 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar