JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti TBMM-niň Başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Must6afa Şentopy kabul etdi. Bu barada “Anadolu” agentligi habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Mustafa Şentop Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gyzgyn salamyny iberdi. Şeýle hem Mustafa Şentop Türkmenistana sapara gelmegiň özünde uly kanagatlanma duýgusyny döredendigini mälim etdi.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belländiklerini belläp geçen Mustafa Şentop Türkiýäniň Türkmenistany halkara jemgyýetçiliginde ykrar eden ilkinji ýurt bolmak bagtyna eýe bolandyklaryny mälim etdi.

Mustafa Şentop Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň goşandy bilen soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalanandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu gatnaşyklaryň has-da öňe gitjekdigine berk ynanýandygyny belledi.

TBMM-niň Başlygy iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysayd gatnaşyklaryň has-da ösdürilýändigini belläp, 2021-nji ýylda pandemiýa garamazdan, 41 göterim artyp, 2 milliard dollara barabar bolandygyny, 2022-nji ýylyň 9 aýynda bolsa, 1,5 milliard dollara deň bolandygyny mälim etdi.

Şentop bu ykdysady görkezijileri 5 milliard dollara ýetirmek baradaky maksatlara iň gysga wagtda ýetmegi arzuw edýändiklerini aýtdy.

TBMM-niň Başlygy häzir dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglanyşykly Türkmenistanyň tebigy gazyny Türkiýe we Türkiýäniň üsti bilen günbatar ýurtlaryna ibermek üçin degişli ähli düzümleriň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny belledi.

Şeýle hem Şentop Hazar deňzindäki “Dostluk” käniniň özleşdirilmeginde Türkmenistan we Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýändiklerini belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Eswatininiň Patyşasy Mswati III Türkmenbaşa geldi

Ata Watan Eserleri

Nepalyň Premýer-ministri Türkmenistana geler

“Makul habar”: şu gezekki sany BMG-niň Awaza forumyna bagyşlandy

Ata Watan Eserleri

Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň Awaza forumyna gatnaşar

BMG-niň Awaza forumy: dünýäniň ünsi Awazada jemlener

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Ata Watan Eserleri