JEMGYÝET

Aşgabatda halkara media forumy geçiriler

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara media forumy geçiriler. 2020-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda geçiriljek media forumyna dünýäniň onlarça döwletinden ýüzlerçe metbugat wekiliniň onlaýn görnüşde gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek media forumynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy Bekdurdy Amansaryýewiň, Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetirijisi, Türkiýe Respublikasynyň «TRT» teleradiokorporasiýasynyň Baş direktory we başlygy Ibrahim Ereniň, Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş sekretary Jawad Mottaginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýewiň, Hindistanyň «Prasar Bharati» ýaýlymlar kompaniýasynyň Baş direktory Şaşi Şekhar Wempatiniň, Şri-Lankanyň «MTV Channel» (Ptv) Limited (MBC/MTV) toparynyň başlygy Nedra Wirasingheniň, Ýewropanyň ösüş we howpsuzlyk institutynyň Prezidenti Emmanuel Düpýiniň we «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejepowyň çykyşyna garaşylýar.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň ýolbaşçylary hem media foruma gatnaşar we bu ýerdäki çykyşlardan gymmatly maglumatlary gyzgyny bilen Size ýetirer.

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “BMG-niň oýunlary-2026” badalga aldy

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini gutlady

Dünýä çempionaty başlady: Meksika we Günorta Koreýa ýeňiş gazandy

Türkmenistanyň Prezidentine professor alymlyk ady dakyldy