JEMGYÝET

Sarahs etrabyna täze häkim bellendi

Ýazgulyýew Gurbanmyrat Jumamyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Begenç Durdymyradowiç Taýyrow bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün, 6-njy awgustda degişli Permanlara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Related posts

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär

German kompaniýalar Arkadag şäherindäki lukmançylyk serişdelerini öndürýän toplumynyň gurluşygyna gatnaşarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň ilçisinden ynanç hatlary kabul etdi