JEMGYÝET

Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Türkmenistana gelýär

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) Başlygy Prof.Dr. Mustafa Şentopyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet resmi sapar bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada gelýär. Bu barada TBMM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop bilen bir hatarda Adalat we ösüş partiýasynyň deputaty Emin Akbaşogly, JHP partiýanyň Newşehir boýunça deputaty Faruk Saryaslan, MHP partiýasynyň Izmir boýunça deputaty Hasan Kalýonju we Iyi partiýasynyň Samsun boýunça deputaty Bedri Ýaşar Aşgabada gelýär.
Türkmenistanda birnäçe gepleşikler geçirmegi göz öňünde tutýan Mustafa Şentop saparynyň ilkinji güni “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna baryp görer we toplumdaky ýadygärliklere gül desselerini goýar.

Related posts

Türkmenistan Hytaý, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürer

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky 13,1 milliard ýewro maýa goýdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini gutlady

Leave a Comment