SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Kazandan Türkmenistana uçýan ýolagçylar üçin gowy habar

Russiýanyň Kazan şäherinden Türkmenistana amala aşyrylýan uçar gatnawlaryndan peýdalanmak üçin talap edilýän düzgünler ýeňilleşdirildi. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky şahamçasynyň mälim etmegine görä, indi Kazandan Türkmenistana uçmak üçin tabşyrylýan PSR testini islendik saglyk merkezinden tabşyryp, netijesini almak bolýar. Esasy zat, islendik saglyk merkezinde edilen test barlagynyň netijesi uçuşa çenli galan wagtda 48 sagatdan geçmeli däldir.

Şeýle hem ýolagçylar uçuş üçin zerur bolan PSR test barlagyny Kazanyň Halkara howa menzilinde hem tabşyryp bilerler.

Mundan ozal, degişli ugur boýunça uçuş üçin zerur bolan test barlagyny diňe Kazan şäheriniň Respublikan kliniki hassahanasynda uçuşdan öň 24 sagadyň içinde tabşyryp, netijesini almak talap edilýärdi.

Related posts

Syýahatçylygy işjeňleşdirmek üçin mugt awiapetek paýlar

Ata Watan Eserleri

Hytaý Türkmenistana 5 million sany waksina iberýär

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi

Leave a Comment