SIZDEN GELENLER

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” bäsleşiginiň täze tapgyry başlaýar

Şu ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň 2022-2023-nji okuw ýylyndaky ikinji möwsüminiň birinji oýny geçiriler. Bu barada bäsleşigiň guramaçysy ̶ Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi habar berdiler.

Taslamanyň täze möwsümi «Dialog ̶ parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» umumy şygar bilen geçiriler. «Gadymy Marguşdan Parfiýa çenli: parahatçylyk sungatynyň siwilizasion ýörelgeleri» ýaş zehinleriň birinji oýnunyň temasy bolar.

Geljekki oýnuň temasyna laýyklykda bäsleşigiň guramaçylary zerur edebiýatlaryň sanawyny düzdüler we oňa gatnaşjaklara olar bilen tanyşmagy maslahat berýärler. Bu sanaw DIM-niň HGI-niň www.iirmfa.edu.tm resmi saýtynyň Bildirişler bölüminde ýerleşdirilendir.

Ogulmiwe Jumadurdyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň  Halkara žurnalistika fakultetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Kämil bilim — ösüşleriň gözbaşy

Mukaddes bedew – milli mirasymyz

Ýylyň şygary – üstünlikleriň açary

Ýylyň şygary — täze ýeňişlere badalga

2026-njy ýylyň şygary – üstünlikleriň gözbaşy

Saglyk ömrüň girewidir