JEMGYÝET

Welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmeginden 28 million manat tygşytlanar

Döwlet býujetiniň serişdeleriniň rejeli we maksatlaýyn ulanylmagyny gazanmak, ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, olaryň öndüriji güýçleriniň senagatlaşma derejelerini ýokarlandyrmak maksatlaryndan ugur alnyp, dolandyryş-çäk birlikleri babatda taýýarlanan teklipleriň amala aşyrylmagy bilen, jemi 28 million manat býujet serişdesiniň tygşytlanmagyna garaşylýar. Bu barada 22-nji oktýabrda dolandyryş-çäk meselelerine gaýtadan seretmek boýunça geçirilen mejlisde maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow habar berdi.

Şeýle-de dolandyryş-çäk birlikleriniň kämilleşdirilmegi bilen baglylykda, ulanyşdan boşadylýan, ykdysadyýetimiz üçin goşmaça mümkinçilikleri emele getirýän ýerli dolandyryş, bilim, medeniýet we maliýe-ykdysady edaralarynyň edara binalaryny, desgalaryny netijeli peýdalanmak ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder we Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmaga oňyn täsirini ýetirer diýip, ministr sözüni dowam etdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tygşytlanan maliýe serişdeleriniň ýurdumyzyň durmuş ulgamyna, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, saglyk edaralarynyň gurluşygyna, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Related posts

Türkmenistan bilen Koreýa göni uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Bakanlar Kurulu toplandı: 2019-2025 Kalkınma Programı Hazırlanıyor

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Sadyr Žaparow Ruh-Ordo” medeni merkezine baryp gördi

Leave a Comment