JEMGYÝET

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Geçen hepdäniň dowamynda AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynda toparçadaky iň soňky duşuşygynda ýeňiş gazanyp, 2-nji orun bilen 1/8 finala çykan “Arkadag” toparynyň az salym öň çekilen bijede garşydaşy belli boldy.

Ýurdumyzyň çempiony “Arkadag” toparynyň bijesine Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” topary düşdi. 1-nji duşuşyk ýurdumyzda oýnalar. Saud toparynyň düzüminde dünýä belli portugal hüjümçi Kristiano Ronaldo çykyş edýär.

Jemi 16 klub ýaryşy dowam edip, olaryň 8-si Günbatar, galan 8-si bolsa Gündogar sebite wekilçilik edýär. 1/8 finalyň duşuşyklary Günbatar sebiti üçin 1-nji oýunlar 10-11-nji fewralda, jogap duşuşyklary-da 17-18-nji fewralda geçiriler. Gündogar sebitiniň oýunlary-da 11-12-nji hem-de 18-19-njy fewralda oýnalar.

Related posts

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlandy

Türkmenistan, Bakü İslami Dayanışma Oyunları’na katılıyor

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY