DÜNÝÄ

“Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň duşuşygy

ýakyn wagtda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde gatnaşyjy-ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän 15-nji «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna (MA-KR) taýýarlyk görmegiň çäklerinde wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşyga gatnaşdy.

Duşuşyga şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda meýilleşdirilýän Forumyň gün tertibinden gelip çykýan hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da saglygy goraýyş, sanly hyzmatdaşlyk, syýahatçylyk, ekologiýa we energetika, ykdysady howpsuzlyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk meslelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem Bilelikdäki Beýannamanyň we 2023-nji ýyl üçin Forumyň Sekretariatynyň iş Meýilnamasynyň taslamalary boýunça meselelere seredilip geçildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary türkmen tarapynyň bu Forumyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy we konstruktiw dialogy kämilleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Taraplar şeýle hem öňümizdäki çäräniň guramaçylyk-protokol meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar