MEDENIÝET

Aşgabatda aýdym-saz boýunça halkara festiwal geçiriler

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde oktýabr-noýabr aýlarynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan halkara medeni çäreler barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, noýabr aýynyň üçünji on günlüginde türkmen paýtagtynda “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwalyny we maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu forumyň esasy maksady türkmen halkynyň medeniýetini, baý milli mirasyny, aýdym-saz sungatyny wagyz etmekden, dürli ýurtlaryň milli we halk saz gurallarynda ýerine ýetirijileriň arasynda döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýmakdan ybaratdyr.

Forumyň çäklerinde ussatlyk sapaklaryny, duşuşyklary hem-de beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Related posts

Taryhy mekanyň gadymy pullary

Ata Watan Eserleri

Mäne baba — rowaýata öwrülen şahsyýet

Ata Watan Eserleri

Şol bir atly 178 adamyň rekordy

Leave a Comment