SÖHBETDEŞLIK

Batyr Çaryýew – sungata baglanan ykbal

Hormatly okyjylar! Biziň atavatan-turkmenistan.com saýty üçin bu gezekki söhbetdeşligimiz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň sahna ussady, görnükli alypbaryjy Batyr ÇARYÝEW bilen boldy.

– Batyr aga, söhbetdeşlik etmäge razylyk berendigiňiz üçin Size minnetdarlyk bildirýäris. Biz söhbetdeşligimizi Siziň sungata bolan söýgüniň nireden başlanýandygy hakdaky garaýyşlaryňyzdan başlaýalyň.

– Adamzat dünýä inip, kemala gelende her bir zada sungat derejesinde garaýar. Şonuň üçin sungata söýgi türkmen halkynyň zandynda, ganynda bar. Biziň aňymyzda sungat diýlen närsä gözellik hökmünde garamak bar. Adamyň haçan-da bir zada mähri oýansa, söýgüsi siňse, şony özüne çalt kabul edýär. Şonuň üçin sungatyň islendik görnüşi biziň halkymyzda söýgüni döredýän öňden gelýän gözellik hasap edilýär. Teatr sungaty birnäçe sungatlaryň birikmeginde dörän, şolar esasynda kemala gelen. Ol tomaşaçylaryň söýgüsini gazanýar. Teatr sungatyna bir eser, waka, durmuş hökmünde garalýar. Şol sebäpden sungata söýgi biziň her birimiziň şoňa bolan söýgümizden, mährimizden kemala gelýär diýip düşünýärin.

– Biz Siziň radioda ençeme çykyşlar edip, keşpler janlandyrandygyňyzy bilýäris. Esasan hem, “Miras” radioýaýlymynda goýulýan eserleriň köpüsinde Siziň sesiňizi eşidýäris. Size indiki berjek sowalym: Size iň ýakyny teatrmy ýa-da radio?

– Ýaňy aýdyşym ýaly, birnäçe sungatlar birigip, teatr sungatyny döreden. Bu sungat iň gadymy hasap edilýär. Ondan soň kino sungaty, radio, telewideniýe sungaty kemala gelen. Şol sebäpli radioda, telewideniýede, kinoda kämilleşmek üçin, täze zatlary öwrenmek üçin, goruňy artdyrmak üçin teatr sungatynyň içinden geçmeli. Şonuň üçin biz islesek-islemesek, biziň köklerimiz teatrdan gaýdýar. Biziň düýbümiz, kökümiz teatr.

– Durmuşyň gymmatyna nähili garaýarsyňyz?

– Durmuşa, dost-ýara, Watana, tebigata, özüňe iň golaýlara – ene-ataňa, çagalaryňa seniň kalbyňda söýgi dörände durmuşa, ýaşaýşa bolan höwes döreýär. Hemme adamlaram özüne ýakynlaryny söýýär, şolara hormat goýýar. Sungat adamsynda bu has çalt ýüze çykýar. Sungat adamsy wakalary özüne çalt kabul edip bilýän adam bolýar. Çünki ol döredijilik işgäri. Bu zatlar biziň durmuşymyzyň gymmatlyklary bolýar.

– Söýülmegi saýlardyňyzmy ýa-da söýmegi?

– Söýmek üçin söýülmegiň gerekdir,

Söýülmegiň üçin söýmegiň gerek – diýýär Kerim Gurbannepesow. Şonuň üçin olaryň her biriniň öz aýratyn lezzeti, gymmatlygy bar. Şol sebäpden men bulary biri-birinden aýryp bilemok.

– Siziň durmuşda gazanan iň uly tejribäňiz näme boldy?

– Biziň gazanan we gazanyp ýören tejribelerimiz tebigata, kärimize, Watanymyza bolan söýgimiz. Entek biziň ýetmeli menzillerimiz, gazanmaly üstünliklerimiz, mundanam has köp gazanmaly tejribelerimiz öňümizde. Sungat işgäri gazanan tejribesi bilen oňanok. Ol has köp tejribe toplasy gelýär. Dogrusy, men-ä indi asyl tejribe toplamaga ymtylyp ýörüs.

– Gülmekmi ýa-da güldürmek?

– Güldürmek – bu kyn sungat. Sebäbi onuň çägi bar. Şol çägi geçseň, güldürjek bolup, adamyň gaharyny getirmegiň mümkin. Özüm kärdeşlerimiziň çykyşlaryna seredip, olara gülmegi halaýan.

– Siz bir işe başlamankaňyz ilki beýniňizi diňleýärsiňiz ýa-da ýüregiňizi?

– Käte ýüregimi diňleýän halatymam, beýnimi diňleýän halatymam bolýar. Ýöne adam ilki beýnisine – akylyna gulak asmaly diýilýär. Emma diňe akyla gulak asyp, sungatda işlemek kyn. Şonuň üçin käwagt ýüregiňi diňlemeli hem bolýar. Dogrusy, biz ýüregi biraz artykmaç diňläýýäs diýsegem ýalňyş däl.

– Onda döredijilik ýürege baglymy?

– Döredijiligiň ýürekden bolmasa, bary bir puç bolýar. Sungat akylyň işem däl diýip bileris. Ol ýüregiň işi. Şol sebäpden ýüreklere girjek bolsaň ýürekden aýtmaly, keşbiňi ýürekden ýerine ýetirmeli.

– Üýtgeşmä tiz uýgunlaşýarsyňyzmy?

– Uýgunlaşyp bilýän.

– Obada ýaşamak islärdiňizmi ýa-da şäherde?

– Obada doglandygym üçinmi ýa-da başga bir sebäpdenmi mende oba söýgi bar. Çünki oba durmuşy, onuň tebigaty, ysy başgaça bolýar. Şonuň üçin obada ýaşamak islärdim.

– Öňüňizde ynam we söýgi diýen iki ýol bar. Siz şolaryň haýsyny saýlardyňyz?

– Söýgüni.

– Näme üçin?

– Ynamlaryň synýany üçin

Käte ynamlardanam goranmak gerek – diýýär Gurbannazar Ezizow. Emma ynamam bolmaly. Söýgüniň içine ynamy siňdirip bolsa, ondan gowy bagt ýok bu durmuşda.

– Durmuşda ilkinji ýagşylyk etmek isleýän adamyňyz kim?

– Adama iň golaý kişi onuň käbesi – mähriban ejesi bolýar. Durmuşda beýleki ýagşylyklaram, söýgülerem şondan syzylyp çykýar.

– Köpçülikmi ýa-da ýalňyzlyk?

– Ony aýyl-saýyl etmek kyn. Ýöne käwagt ýalňyzlygam küýseýän. Emma sungat işi köpçülik bilen bagly. Seniň eden işleriňe ser salmak üçin, indiki etjek işleriňi etmek üçin, ynamyňy, pikirleriňi çugdamlamak üçin käwagt ýalňyzlygam gerek.

– Siziň durmuşda nämeden lezzet alýarsyňyz?

– Söýgüden.

– Sungat eseri haçan kämil bolýar?

– Kämilligiň serhedi ýok. Käte kämiliňem kämili döreýär.

– Ejeňiziň oglumysyňyz ýa-da kakaňyzyň?

– Meşhur şahyrymyz Atajan Annaberdiýew bir goşgusynda şeýle diýýär: “Ejeň gowmy kakaň diýen sowal dutar gowmy ýa-da gyjak diýen ýaly bolýar”. Olary biri-birinden aýra göz öňüne getirip bolanok.

– Sosial mediada nämelerde işjeňsiňiz?

– Diňe imoda. Beýlekileri ulanmak üçin wagtym ýok.

– Durmuşda eden ahmyryňyz barmy?

– Bolup biler.

– Mekdep döwrümi ýa-da institut?

– Institut döwri. Çünki ol döwürde kursdaşlaryň bilen birek-birege ýakyn bolýarsyň. Mekdep döwründe bolsa entek gögele bolýarsyň. Ol döwürde durmuşyň kynçylyklaryny duýup bileňok. Ýöne adam ýokary okuw jaýyna girende mekdep döwrüni ýatlaýar, işe başlanynda bolsa ýokary okuw mekdebini ýatlaýar.

– Ilkinji gazanan aýlygyňyza näme alypdyňyz?

– Ilkinji aýlygymy institutda okaýan döwrümde gazanypdym. Şonuň üçin çörek aldym öýdýän.

– Siz hormata nähili garaýarsyňyz?

– Adamyň eden we edýän işlerine aýratyn gymmatlyk hökmünde garamaklyga hormat diýip düşünýän.

– Hormata laýyk bolmak üçin näme etmeli?

– Ilki beýlekilere: käriňe, garşydaşyňa, tomaşaça hormat goýmagy başarmaly. Olara hormat goýmasaň hormata garaşmagyň hajaty ýok.

– Geliň hyýal edip göreliň, Siziň eliňizde bir jadyly taýak bolsa, ilki näme ederdiňiz?

– Özümi hemişe sagdyn ederdim.

– Batyr aga, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Siziň alyp barýan sungat we döredijilik işiňizde hemişe şowlulyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

 Söhbetdeş bolan Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym