DÜNÝÄ

Almatyda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

Almaty Tehnologiýa uniwersitetinde (ATU) Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Ilçihanasynyň gatnaşmagynda çäre guraldy.

Çäräniň dabaraly bölüminde Almaty Tehnologiýa Uniwersitetiniň ýolbaşçylary, hormatly myhmanlar we türkmen talyplary gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekili öz çykyşynda 2025-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan köpsanly çäreleriň geçirilýändigini belledi.

Çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň soňky ýyllarda gazananlaryny we ýeten sepgitlerini, şol sanda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny şöhlelendirýän ýörite wideoýazgy görkezildi.

Baýramçylykda türkmen we gazak talyplary folklor sahna çykyşlaryny – “Küşdepdi” milli tansyny we “Bilezik” aýdymyny ýerine ýetirdiler, şeýle hem milli gurallarda halk sazlaryny çaldylar.

Türkmenistanyň Ilçihanasynyň wekilleri uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirip, talyplaryň durmuşy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Ankara Büyükelçiliğinde Enerji ve Spor Konularında Basın Toplantısı yapıldı

vepa

Türkmenistanyň migrasiýa ulgamyndaky işlerine ýokary baha berildi

Marsdan ses ýazgylary kabul edildi

Ata Watan Eserleri