SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýa wiza üçin ynanç haty

Şu günler täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda talyplyga dalaşgärler üçin talyp wizasyny almak has möhüm işleriň biri bolup durýar. Häzirki wagtda  Russiýa Federasiýasy we Türkiýe Respublikasy talyp wizasyny bermek üçin degişli işleri alyp barýar.

Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda wiza resmileşdirmek üçin resminamalaryň kabul edilmeginde ynanç haty barada maglumat berlipdir.

Şol maglumatnamada, deslapky elektron nobat ýazgysy bilen wiza resmileşdirmek üçin resminamalar kabul edilýär.

Şol elektron nobat bilen wiza resmileşdirmek üçin resminamalary tabşyrmaly güni ýüz tutujynyň käbir sebäplere görä, özüniň ýa-da ýakyn garyndaşlarynyň resminamalaryny tabşyrmaga baryp bilmeýän ýagdaýynda onuň notarius tarapyndan tassyklanan ynanç hatyly wekiliniň resminamalary tabşyryp biljekdigi mälim edildi.

Ýagny, wekilçilik edýän adamyň kanuny wekildigini tassyklaýan döwlet notarial edarasy tarapyndan berlen ynanç hatynyň bolmagy hökmanydyr.

Mälim bolşy ýaly, ozal hem habar berşimize görä, şu ýylyň 1-nji awgustynda Russiýanyň ilçihanasynyň Konsullyk bölümi talyp wizasyny resmileşdirmek üçin resminamalary kabul edip başlady.

Şeýle hem Russiýa Federasiýanyň çäginden üstaşyr geçmekçi bolýan daşary ýurt raýatlaryna tranzit wizasyny almagy maslahat berýändigi baradaky habary ýetiripdik.

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri