DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýanyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Prezidenti hanym Katalin Nowaka we ýurduň ähli halkyna Wengriýanyň milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Katalin Nowaka berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Wengriýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Related posts

Ylmy-analitiki ulgamda türkmen-täjik hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Merkezi Aziýa-Ýaponiýa sammitini geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy Bahriýa uniwersitetinde umumy sapak geçirdi