SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawy ýerine ýetirdi

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň atawatanturkmenistan.çom saýtyna beren maglumatyna görä, awgust aýynda birnäçe ýörite gatnawlary memeýilleşdirdi. Meýilleşdirilen ýörite uçar gatnawlarynyň çäklerinde  “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 16-njy awgustyndan 17-nji awgustyna geçen gije Türkiýe-Türkmenistan ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny ýerine ýetirdi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy mundan ozalky ýörite gatnawyny şu ýylyň 13-nji awgustynda amala aşyrypdy.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň göz öňünde tutýan beýleki ýörite uçar gatnawlary baradaky habarlary bolsa, gatnawlar senesi belli bolan wagty habar bereris. Bellemeli zat, soňky birnäçe aýyň dowamynda ýörite uçar gatnawlary yzygiderli artýar. Käbir ugurlara bolsa, adaty uçar gatnawlary ýola goýuldy.

Türkiýe ugry boýunça şeýle hem “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy hem birnäçe ýörite uçar gatnawlaryny meýilleşdirýär. “Türkhowaýollary” sentýabr aýynda hepdede 2 gezek Türkmenistan ugry boýunça 2 ýörite gatnawlary, ýagny duşenbe we anna günleri gatnawlary ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýar. 

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri