DÜNÝÄ

Türkmenistan-Wýetnam: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Nguen Suan Fuka hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn özara hereketleriň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nguen Suan Fuka tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň halkyna bolsa öňegidişlik we rowaçlyk arzuw etdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-bilim we şähergurluşyk ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň aýry-aýry ugurlaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýeti şu ýylyň 27-nji iýuny — 1-nji iýuly aralygynda Hanoý şäherinde iş saparynda boldular. Sapar syýasy, ylym-bilim, söwda-ykdysady, şähergurluşyk, medeni, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boldy.

Wýetnam Kamboja, Hytaý we Laos bilen serhetleşýän, ilaty 94 milliondan geçýän Aziýa ýurdudyr. Ol Günorta-Gündogar Aziýada iň beýik dag nokady bilen hem meşhurdyr. Wýetnamyň demirgazygynda ýerleşýän Fansipan dagynyň beýikligi 3143 metre barabardyr. Bu ýurt diňe bir gaýtalanmajak milli medeni däpleridir aşhanasy bilen däl, eýsem, müňlerçe adasy, täsin we ajaýyp tokaý jeňňellikleri bilen hem jahankeşdeleri özüne çekýär.

Türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi geçiriler

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri