SPORT

Ronaldo toparyndan gitmek isleýär

Portugaliýaly ýyldyz Kristiano Ronaldo iňlis kluby “Mançester Ýunaýted” toparyndan gitmek isleýändigini habar berdi. Bu barada “The Times” neşiri habar berýär.

Neşiriň çeşmesine görä, 37 ýaşly portugaliýaly toparyň ýolbaöçy düzüminden gowy teklip bolan halatynda ony satmagyny haýyş etdi. Ronaldo karýerasynyň bütin dowamynda Çempionlar ligasynda oýnamak isleýändigini belläp geçdi.

Ronaldo yzly-yzyna 19 möwsüm Çempionlar ligasyna gatnaşdy. Emma geçen möwsüm “Mançester Ýunaýted” Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk gazanyp bilmedi.

Käbir neşirler, Ronaldonyň ozalky tälimçisi Žoze Mourinýonyň tälim berýän “Roma” toparyna hem geçip biljekdigini belleýärler.

 

Kazandan Türkmenistana gelýän ýolagçylar PSR test tabşyrmaly

Related posts

14-nji gezek Fransiýanyň kubogyny gazandy

“Kaýrat” toparynyň tälimçisine awtoulag sowgat edildi

UEFA 2022-niň final duşuşygy Budapeştde geçiriler