SPORT

Holand “Mançester Siti” bilen resmi şertnama baglaşdy

Angliýanyň çempiony “Mançester Siti” topary häzirki döwrüň ýaş ýyldyz futbolçylarynyň biri hasaplanýan 21 ýaşyndaky Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holandy resmi taýdan satyn aldy. Ol Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparyndan geçdi.

Erling Holandyň şertnamasynyň möhleti 2027-nji ýylda tamamlanýar. Aslynda, şu ýylyň 10-njy maýynda bu transferiň amala aşyryljakdygy mälim edilipdi.

Ýöne resmi şertnama şu wagt baglaşyldy. “Mançester Siti” topary nemes toparyna 75 million ýewro töleýär. Erling Holandyň Angliýadaky zähmet haky hepdelik 350 müň funt-sterling hem-de goşmaça bonuslar hem göz öňünde tutulýar.

Holand Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparyna 2020-nji ýylyň ýanwarynda geçdi. Ol 2 ýarym ýyldan gowrak wagtda bu toparyň düzüminde 89 duşuşykda 86 gol geçirdi.

 

Awstraliýa dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy

Ýene-de okaň

1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy Kanada boldy

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlaryna 999 futbolçy gatnaşdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy